Kataryň Howa Ýollary, Saud Arabystanynyň Howa Giňişligini Ulanmaga Başlady

2017-nji ýylyň 5-nji iýunynda başlan krizis sebäpli firmanyň Saud Arabystanynyň howa giňişligini ulanmagy gadagan edilipdi.

1559933
Kataryň Howa Ýollary, Saud Arabystanynyň Howa Giňişligini Ulanmaga Başlady

 

Kataryň howa ýollary Qatar Airwaýs, Aýlag krizisiniň çözülmegi bilen 3,5 ýyl soň Saud Arabystanynyň howa giňişliginden uçuşlaryna ýaňadandan başlandygyny habar berdi.

Firmanyň Twitterden beren habarnamasynda, “Kataryň howa ýollary, şu gün agşam käbir uçuşlaryny ýaňadandan Saud Arabystanynyň howa giňişliginden gönükdirmäge başlady” diýildi.

Beýannamada, Saud Arabystanynyň howa giňişliginden ilkinji uçuşyň şu gün Donadan Ýohannesburg şäherine guralandygy nygtaldy.

Pars aýlag sebitinde 2017-nji ýylyň 5-nji iýunynda başlan krizis sebäpli firmanyň Saud Arabystanynyň howa giňişligini ulanmagy gadagan edilipdi.

Kuweýdiň Daşary işler ministri Ahmed Nasyr Muhammed As Sabah, 4-nji ýanwarda, Saud Arabystany bilen Kataryň arasynda gury ýer, deňiz we howa serhediniň açylmagy meselesinde ylalaşyk gazanylandygyny mälim edipdi.


 

 



Degişli Habarlar