“2021-nji Ýylda Dünýänin Ençeme Ýurdunda Açlyk Çekiler”

2021-nji ýylyň dünýäniň ençeme ýurdunda “açlyk ýyly” boljakdygy duýduryldy

1555355
“2021-nji Ýylda Dünýänin Ençeme Ýurdunda Açlyk Çekiler”

BMG-niň Çagalar Gaznasy (ÝUNİSEF), çarşenbe güni Germaniýadan berilen beýannamada 2021-nji ýylda Ýemende, Kongo Demokratik Respublikasynda, Günorta Sudanda, Nigeriýanyň demirgazyk-gündogarynda we Saheliň merkezi sebitlerinde 10,4 million çaganyň ýeterlik iýmitlen kynçylygyny çekjekdigi bellenildi.

Beýannamada häzirki wagtda agyr gumanitar kynçylyklary başdan geçirýän şol ýurtlaryň, agyrlaşýan azyk ýetmezçiligini we gytlygy başdan geçirýändigi nygtalýar.

ÝUNİSEF-in baş Direktory Henrietta Fore koronawisur epidemiýasynyň şertleri hasam agyrlaşdyrandygyna ünsi çekip: “Ençeme aýdan bäri saçaga azyk getirmek üçin göreşýän maşgalalar indi bolsa gytlyga sezewar” diýdi.

ÝUNİSEF-iň beýannamasyna görä Demokratik Kongo Respublikasynda 5 ýaşyna ýetmedik 3,3 million çaga ýeterlik iýmitlenmeýär.

Günorta Sudanda bosla 7,3 million adamyň 2021-nji ýylda howply azyksyzlyga sezewar boljakdygy nygtalýar.

Sahel ýurtlary Burkino Fasoda, Malide we Nigerde bolsa ýaragly çaknyşyklar hem-de howa çalşygy sebäpli azyk howpsyzlygynyň agyrlaşandygy beýan edildi.

ÝUNİSEF ynsanperwer kömek guramalaryny we halkara jemgyýetçiligini ähli ýurtlarda hem-de sebitlerde azyk we saglyk kömeklerine elýeterliligi ýola goýmaga çagyrdy.

Gurama çagalar we maşgalarlar üçinn arassa agyz suwy we arassaçylyk desgalarynyň gurulmagyna goldaw berilmeginiň möhümdigini nygtady.

 

 



Degişli Habarlar