Afrin sebitinde Türkiýe tarapyndan täze hassahana guruldy

Söýgi hassahanasy Türkiýäniň Saglygy goraýyş ministrligi we Kataryň galkynyş gaznasyna degişli Haýyr-sahawat guramasynyň goldaw bermeginde guruldy

1547594
Afrin sebitinde Türkiýe tarapyndan täze hassahana guruldy

Siriýanyň demirgazyk-günbatarynda, Zeýtun şahajygy operasiýasy bilen terror guramasy ÝPG/PKK-dan saplanan Afrin etrap merkezinde, Afrin halkynyň ýaralaryna melhem boljak Söýgi Eneler we çagalar hassahanasy işlemäge başlady.

Söýgi hassahanasynda 3 zenan lukmany, 3 çaga lukmany we 2 tiz kömek lukmany bolmak bilen jemi 8 lukman işlär. Hassahanada 2 operasiýa otagy we 17 orunlyk ýer bilen birlikde, sary getiren çagalar üçin ýörite 8 orunlyk inkubator bolar.

Söýgi hassahanasy Türkiýäniň Saglygy goraýyş ministrligi we Kataryň galkynyş gaznasyna degişli Haýyr-sahawat guramasynyň goldaw bermeginde guruldy. 

Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň goldaw bermeginde Siriýanyň Milli goşunynyň başladan Zeýtun şahajygy operasiýasynyň çäginde Afrin şäher merkezi 2018-nji ýylyň 18-nji martynda, ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK-dan saplanypdy. 


Etiketkalar: #hassahana , #Türkiýe , #Afrin

Degişli Habarlar