Dünýädäki Saglygy Goraýyş Desgalarynyň Esasy Bölegi Arassa Suwdan Mahrum

Degişli saglyk infrastrukturasynyň döredilmegi üçin 2030-njy ýyla çenli gyssagly 3,6 milliard dollar gerek

1545269
Dünýädäki Saglygy Goraýyş Desgalarynyň Esasy Bölegi Arassa Suwdan Mahrum

BMG dünýäde 1,8 milliarda barabar adamyň arassa suwdan mahrum saglygy goraýyş desgalaryna garaşly ýagdaýda ýaşaýandygyny beýan etdi

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy we BMG-niň Çagalar gaznasynyň 165 ýurtdan ýygnan malumatyna laýyklykda taýarlanan habarnamada bu şertleriň koronawirusyň başda durmagynda dürli epidemiýalar boýunça hassalara we saglygy goraýyş işgärlerine uly howp salýandygyny duýdurdy.

Habarnamada dünýäde 4 saglygy goraýyş desgasyndan biriniň howpsyz suwdan, 3 saglygy goraýyş desgasyndan biriniň bolsa ýeterlik gigeniki hyzmatlardan mahrumdygy bellenilip, 10 desgadan biriniň başlangyç hajathana hyzmatlaryndan mahrumdygy nygtalýar.

BDSGG-nyň Baş direktory Tedros Adhanom Gebreýesus mesele boýunça beren beýannamasynda koronawirus epidemiýasynyň öňüniň alynmagynda arassa suw üpjünçiliginiň möhüm ähmiýete eýedigini nygtady.

Habarnamada kynçylyk çekýän ýurtlarda degişli saglyk infrastrukturasynyň döredilmegi üçin 2030-njy ýyla çenli gyssagly 3,6 milliard dollar serişdäniň gerekdigi baýan edilýär.

 



Degişli Habarlar