ÝB-niň Russiýa Goýan Sanksiýalarynyň Möhledi Uzadyldy

“ÝB Geňeşinde, Russiýa goýlan sanksiýalaryň möhlediniň uzadylmagy meselesinde ylalaşyk gazanyldy”

1543564
ÝB-niň Russiýa Goýan Sanksiýalarynyň Möhledi Uzadyldy

 

ÝB, Ukrainany durnuksyzlaşdyrandygy sebäpli Russiýa goýlan ykdysady sanksiýalaryň möhlediniň ýene-de 6 aý uzadylmagy hakynda karar kabul etdi.

ÝB Geňeşiniň başlygynyň metbugat geňeşçisi Barend Leýts, Belgiýanyň paýtagty Brýusselde geçirlen ÝB-niň Liderler maslahatyndan soň beren beýannamasynda, Russiýanyň Ukrainany durnuksyzlaşdyrandygy sebäpli ÝB-niň goýan ykdysady sanksiýalarynyň möhlediniň uzadylmagy barada kararyň kabul edilendigini belledi.

Leýts “ÝB Geňeşinde, Russiýa goýlan sanksiýalaryň möhlediniň uzadylmagy meselesinde ylalaşyk gazanyldy” diýdi.

Russiýa, 2014-nji ýylyň 18-nji martynda Krym Awtonomiýasyny we Siwastopol şäherini anneksirläpdi. Krymyň Russiýa tarapyndan anneksirlenmegi we Ukrainanyň gündogarynda başdan geçirlen wakalardan soň ÝB we ABŞ bilen birlikde käbir ýurtlar Russiýa ykdysady taýdan sanksiýa goýmaga başlapdy.

ÝB ilkinji gezek Russiýa 2014-nji ýylda sanksiýa goýdy. Şol günden bäri 6 aýdan 1 gezek sanksiýalaryň möhledi uzadylýar.


Etiketkalar: #Ukraina , #sanksiýa , #Russiýa , #ÝB

Degişli Habarlar