ABŞ-da buthana guralan hüjümde 2 adam ýogaldy

ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky buthanalaryň birinde guralan pyçakly hüjümde 2 adam ýogaldy, köp sanda adam ýaralandy

1532589
ABŞ-da buthana guralan hüjümde 2 adam ýogaldy

San Hose şäheriniň häkimi Sam Likkardo, Twitterden beren beýanatynda, Kaliforniýa ştatynyň San Hose şäherindäki buthanalaryň birinde pyçakly hüjümiň guralandygyny habar berdi. 

Likkardo, hüjümde 2 adamyň ýogalandygyny, köp sanda adamyň agyr ýaralanandygyny beýan etdi. 

Polisiýa gullugy hadysa bilen baglanşykly 1 adamy göz tussaglygyna alandygyny aýdan Likkardo, gysga wagt soň bolsa ol beren beýanatyny pozdy. 

Likkardi hüjümde ýogalan 2 adamyň maşgalasyna gynanç bildirdi. 

Beýleki tarapdan, San Hose şäheriniň Içeri işler edarasynyň sosial media hasabyndan berilen beýanatda, Grase Baptist buthanasynda hüjümiň guralandygyny tassyklady. 

Hüjümde ýaralanan käbir adamlaryň saglyk ýagdaýlarynyň agyrlygy bellenen beýanatda, hüjüm guralan mahaly buthanada dini çäräniň geçirilmändigi, diňe öýsüz adamlaryň sowukdan goranmaklary üçin buthananyň içine alynandygy aýan edildi. 



Degişli Habarlar