Ermenistanda Üç Ministr Wezipesinden Boşadyldy

Goranmak, Adatdan daşary ýagdaýlar we Zähmet ministrleri wezipesinden boşadyldy

1531431
Ermenistanda Üç Ministr Wezipesinden Boşadyldy

 

Ermenistanda Goranmak, Adatdan daşary ýagdaýlar we Zähmet ministrleri wezipesinden boşadyldy.

Ermenistanyň Prezidenti Armen Sarkisýan tarapyndan tassyklanan kararnama görä, Ermenistanyň Goranmak ministri Dawid Tonoýan wezipesinden boşadyldy we ýerine Wagarşak Harutýunýan bellendi.

Kararnama bilen Ermenistanyň Adatdan daşary ýagdaýlar we Zähmet ministrleri  hem wezipesinden boşadyldy.

Ermenistanda Premýer ministr Nikol Paşinýanyň, Ermenistanyň basyp alyşlygy astyndaky Daglyk Garabagda Azerbaýjandan ýeňilendigini kabul etmeginden soň ýurtda protest ýörişleri başlapdy we oppozisionerler Paşinýanyň wezipesinden çekilmegi üçin çagyryş beripdi.

 



Degişli Habarlar