Jo Baýden ABŞ-nyň 46-njy Prezidenti Boldy

Demokrat dalaşgär Jo Baýden ABŞ-da 3-nji noýabrda geçirlen 59-njy prezident saýlawynyň ýeňijisi boldy

1523710
Jo Baýden ABŞ-nyň 46-njy Prezidenti Boldy

 

Demokrat dalaşgär Jo Baýden ABŞ-da 3-nji noýabrda geçirlen 59-njy prezident saýlawynyň ýeňijisi boldy.

Amerikan Assojiated Press AP Habarlar gullugynyň görkezijilerine görä, Baýden bäsdeşi we häzirki Prezident Donald Trampy Pensilwaniýa ştatynda ýeňmegi başardy.

Newada, Arizona, Demirgazyk Karolina we Jorjiýa ştatlarynda sesleriň sanalmagy işleri dowam edýär. Pensilwaniýa ştatynda bolsa sesler sanalyp gutardy.

AP-nyň görkezijilerine görä, Baýden Pensilwaniýada sesleriň 49, 6 göterimini alyp ştatda 20 kürsä eýe boldy.

Jo Baýden şeýlelikde 253 bolan kürsü sanyny 273-e ýetidi we ABŞ-nyň 46-njy prezidenti boldy.

Tramp Jorjiýa, Newada we Arizona ştatlarynda üstünlik gazansada saýlawyň netijeleri üýtgemez.

Jo Baýdeniň saýlawda üstünlik gazanmagyndan soň, Kamala Harris hem ABŞ-nyň asly migrant ilkinji Wise-prezidenti hökmünde taryha geçdi.

Harris Kaliforniýanyň senatory wezipesini ýerine ýetirýärdi.


Etiketkalar: #prezident , #ABŞ , #Jo Baýden

Degişli Habarlar