ABŞ, Terror Guramasy PKK-nyň, Peşmerge Güýçlerine Guran Hüjümini Ýazgardy

“ABŞ, terror guramasy PKK-nyň, Yragyň Kürt Awtonomiýasynyň ýolbaşçylaryna guran hüjümini berk ýazgarýar”

1522911
ABŞ, Terror Guramasy PKK-nyň, Peşmerge Güýçlerine Guran Hüjümini Ýazgardy

 

ABŞ, ekstremist terror guramasy PKK-nyň, Yragyň demirgazygynda ýerleşýän Duhok şäherinde Peşmerge güýçlerine guran hüjümini ýazgardy.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň metbugat geňeşçisi Brown, “ABŞ, terror guramasy PKK-nyň, Yragyň Kürt Awtonomiýasynyň ýolbaşçylaryna guran hüjümini berk ýazgarýar” diýdi.

ABŞ-nyň Yragyň Premýer ministri Mustafa Al Kazyminiň we Yragyň Kürt Awtonomiýasynyň terror guramalaryna garşy alyp barýan göreşine goldaw berýändigini aýdan Brown, “Hüjümlerde ýogalanyň we ýaralananlaryň hossarlaryna duýgudaşlyk bildirýäris” diýdi.

Ekstremist terror guramasy PKK, öňňin Duhok şäheriniň Çemanke etrapçasynda Peşmerge güýçlerine hüjüm edipdi. Hüjümde 1 peşmerge ýogalypdy, 3-i hem ýaralanypdy.

 



Degişli Habarlar