ABŞ-da şu gün Prezident saýlawy geçiriler

ABŞ-da Prezident saýlawynyň başlamagyna birnäçe sagat galdy

1520627
ABŞ-da şu gün Prezident saýlawy geçiriler

 

Ýurdyň Prezidenti we Respublikançylardan dalaşgär bolan Donald Tramp, tankydy ştatlar bolan Demirgazyk Karolina, Pensilwaniýa, Miçigan we Wiskonsin ştatlarynda soňky saýlaw mitinglerini geçirip saýlawçylardan özüne ses bermeklerini isledi. 

Demokrat partiýadan dalaşgär bolan Jo Baýden bolsa Florida we Jorjiýa ştatlarynda saýlawçylaryň öňünde çykyş etdi. 

Saýlawçylaryň poçta arkaly ýada şahsy ýagdaýda ses berip bolýan ýurtda 93 milliondan gowrak adam eýýäm ses berdi. 

Şol adamlaryň 59 milliondan gowragynyň poçta arkaly, 34 milliondan gowragynyň bolsa saýlaw uçastogyna gidip şahsy ýagdaýda ses berendigi habar berildi. 

ABŞ-da Prezident saýlawynda iň köp ses alan dalaşgär dälde, iň köp delegata eýe bolan dalaşgär Prezident wezipesine saýlanýar. 

"Delegatlar Geňeşi" diýip atlandyrylýan ulgamda, her ştatda tapawutly sanlarda jemi 538 delegat bar. Şol sanyň ýarsyndan gowragyna eýe bolan, ýagny bolmanda 270 delegada ýeten dalaşgär, Prezident bolmaga hukuk gazanýar. 



Degişli Habarlar