Owganystanda bombaly hüjüm guraldy

Owganystanyň paýtagty Kabul şäherinde guralan bombaly hüjümde asuda ilatdan 3 adam ýogaldy

1516962
Owganystanda bombaly hüjüm guraldy

Kabulyň Içeri işler edarasynyň Metbugat geňeşçisi Ferdews Faramarz, Kabulyň Saraý Çukurak diýilen ýerinde ýoluň gyrasyna ýerleşdirilen bombanyň, asuda ilaty daşaýan ulagyň şol ýerden geçýän mahaly partladylandygyny habar berdi. 

Faramarz, hüjümde asuda ilatdan 3 adamyň ýogalandygyny, 10 adamyň bolsa ýaralanandygyny mälim etdi. 

Hüjümiň jogapkärçiligini entek öz üstüne alan ýok. 



Degişli Habarlar