Türk UÝHU-lary Dünýä Ýurtlarynyň Ünsüni Çekýär

Uçarmansyz Ýaragly howa ulaglary Garabagda gazanylýan üstünligiň esasy faktory

1514622
Türk UÝHU-lary Dünýä Ýurtlarynyň Ünsüni Çekýär

Azerbaýjanyň söweşdäki üstünliginiň esasy faktorlaryndan biri kabul edilýän türk uçarmansyz ýaragly howa ulaglary Russiýanyň köp tiražly “Komsomolskaýa Prawda” gazetiniň birinji sahypasyny bezedi.

Harby hünärmen Wiktor Baranes gazet üçin ýazan analizinde Türk UÝHU-laryny “geljegiň ýaraglary” häsýetlendirdi.

Türk uçarmansyz ýaragly howa ulaglarynyň ermeni pozisiýalaryny derbi-dagyn edýän pursadyny görkezýän wideo ýazgylara haýran galmak bilen syn edýändigini gürrüň berýän awtor, bolup geçýänleri kompýuter grafikasy bilen bezelen wideo oýunyna meňzetdi.

Azerbaýjanyň goşunynyň inwentaryndaky ýaraglaryň 95 göteriminiň köne Sowet ýaraglarydygyny beýan eden Baranes, emma esasy faktor hökmünde öňe saýlanýan we Garabagda üstünlik gazandyran ýaraglaryň Türkiýeden alynandygyna ünsi çekdi.

Analizde Siriýada synagdan geçirilen rus uçarmansyz howa ulaglarynyň bolsa razwedka maksatlydygyny we tehnologik taýdan Garabagda ulanylýan döwrebap uçarmansyz ýaragly howa ulaglardan pesdigi nygtalýar.



Degişli Habarlar