Daglyk Garabagdaky çaknyşyklar dowam edýärkä Eýrana uçarmansyz howa ulagy gaçdy

Azerbaýjan-Ermenistan çaknyşygynyň başlamagyndan bäri 60 raketanyň Hüdaaferin etrabyna gaçandygy aýan edildi

1512701
Daglyk Garabagdaky çaknyşyklar dowam edýärkä Eýrana uçarmansyz howa ulagy gaçdy

Daglyk Garabagda çaknyşyklar dowam edýän günlerinde Eýrana Azerbaýjan-Ermenistan serhediniň golaýyndaky Gündogar Azerbaýjan welaýatynyň Hüdaaferin etrabyna uçramansyz howa ulagy gaçdy. 

Eýranyň resmi IRNA habarlar agentliginiň berýän habaryna görä, Hüdaaferin etrabynyň häkimi Ali Emiri Rad: "Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasyndaky çaknyşyklar sebäpli şu gün irden Menjiwan etrpçasynyň Karakoç obasyna uçarmansyz howa ulagy gaçdy" diýip habar berdi. 

Rad, wakada adam ýitgisiniň çekilmändigini we maddy zyýanyň bolmandygyny belläp, uçarmansyz howa ulagynyň kime degişlidigini anyklamak üçin harby hünärmenleriň üstünde işleýändigini mälim etdi. 

Azerbaýjan-Ermenistan çaknyşygynyň başlamagyndan bäri 60 raketanyň Hüdaaferin etrabyna gaçandygy aýan edildi. 

Eýranyň resmileri taraplara mesele bilen bagly duýduryş berdi. 



Degişli Habarlar