Russiýa Bolgariýa nägilelik bildirdi

Russiýa, Bolgariýanyň 2 rus diplomaty islenmeýän adam yglan etmegine nägilelik bildirdi

1496693
Russiýa Bolgariýa nägilelik bildirdi

Russiýanyň Daşary işler ministrliginden berilen beýanatda, Bolgariýanyň kararynyň gynandyryjydygy bellenip: "Muny Russiýa bilen Bolgariýanyň arasyndaku konstruktiw hyzmatdaşlygyna bilkastlaýyn ýagdaýda zeper ýetirmek hökmünde häsýetlendirýäris" diýip nygtaldy. 

Beýanatda, bu karara gelejekde jogap beriljekdigi aýan edildi. 

Bolgariýanyň Daşary işler ministrligi, düýn 2 rus diplomaty islenmeýän adam yglan edendigini we diplomatlaryň ýurdy terk etmekleri üçin 72 sagat möhlet berilendigini habar berdi.

Çehiýa 6-njy iýunda, Slowakiýa bolsa 10-njy awgustda Russiýanyň 2 dilplomatyny içalylyk şübhesi bilen ýurtdan çykarypdy. 

Norwegiýa 18-nji awgustda, Awstriýa bolsa 24-nji awgustda her biri 1 rus diplomatyny ýurtlaryndan çykarypdy. 



Degişli Habarlar