“Gündogar Ortaýer Deňizindäki Dartgynlk Arkalaşyk Ruhy Bilen Çözülmeli”

NATO-nyň baş Sekretary Ýens Stoltenberg Gündogar Ortaýer deňizindäki dartgynlygyň Demirgazyň Alýansynyň çäginde arkalaşyk ruhy bilen çözülmelidigini aýtdy

1480124
“Gündogar Ortaýer Deňizindäki Dartgynlk Arkalaşyk Ruhy Bilen Çözülmeli”

Stoltenberg Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel bilen geçirjek duşuşygyndan ozal beren beýannamasynda Germaniýanyň dartgynlygy gowşatmak ugrundaky tagallasynyň kanagatlanma döredendigini belläp: “Bu dartgynlyk alýansyn çäginde arkalaşyk ruhy bilen we halkara hukuga laýyklykda çözülmeli. Dialog we dartgynlygyň çözülmegi hemmeleriň bähbidine” diýdi.

Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel bolsa Germaniýanyň Gündogar Ortaýer deňizinde dartgynlygyň çözülmegi üçin tagalla edýändigini ýatladyp, bu meselede edilmeli ýerlikli işleri we şertleri seljerjekdiklerini beýan etdi.



Degişli Habarlar