Rasulaýnda bomba ýüklenen ulag bilen guralan terrorçylykly hüjümde 3 adam ýogaldy

Hüjümiň ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK tarapyndan guralandygy öňe sürülýär

1475082
Rasulaýnda bomba ýüklenen ulag bilen guralan terrorçylykly hüjümde 3 adam ýogaldy

Siriýanyň demirgazygynda  ýerleşýän harby oppozisionerleriň gözegçiligi astyndaky Rasulaýn etrabynda, Siriýanyň Milli goşunyna degişli gözegçilik merkezine bomba ýüklenen ulag bilen guralan terrorçylykly hüjümde 3 adam ýogaldy.

“Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasy bilen terrordan saplanan Rasulaýn etrabynyň günbatarynda ýerleşýän Mebruke etrapçasynda Siriýanyň Milli goşunyna degişli gözegçilik merkeziniň golaýynda bomba ýüklenen ulag ýaryldy.

Terrorçylykly hüjümde 2 esger bilen ulagynda bombanyň barlygyndan bihabar 1 adam ýogaldy.

 Partlamada ýaralananlar etrapdaky hassahanalarda bejergi astyna alyndy.

Howpsyzlyk güýçleri, hüjümiň ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK tarapyndan guralandygyny öňe sürýär.

Siriýanyň demirgazygynda ýerleşýän Rasulaýn etraby 2019-njy ýylyň 12-nji sentýabrynda “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasy bilen terrordan saplanypdy.



Degişli Habarlar