Ysraýylda Premýer ministr Netanýahu garşy protestler dowam edýär

Ysraýylyň Döwlet ýaýlym organy KAN bolsa, Iýerusalimde müňlerçe adamyň Premýer ministrlik binasynyň öňüne ýygnanandygyny habar berdi

1465822
Ysraýylda Premýer ministr Netanýahu garşy protestler dowam edýär

Ysraýylda müňlerçe adam hökümetiň täze görnüş koronawirus epidemiýasyny garşy göreşi erbet dolandyrýandygy we özüne garşy galplyk etmek aýyplamasy sebäpli kazyýet işi gozgalan ýurdyň Premýer ministri Binýamin Netanýahu garşy demonstrasiýalar dowam edýär. 

Haaretz gazediniň berýän habaryna görä, Iýerusalim we Tel-Awiw şäherleri başda bolmak bilen ýurdyň 260-dan gowrak ýerinde, ýurdyň Premýer ministri Binýamin Netanýahunyň wezipesinden çekilmegi üçin geçirilen demonstrasiýalar düýn hem dowam etdi. 

Ysraýylyň Döwlet ýaýlym organy KAN bolsa, Iýerusalimde müňlerçe adamyň Premýer ministrlik binasynyň öňüne ýygnanandygyny habar berdi. 

Ysraýylda eýýäm 2 aýdan gowrak wagt bäri ýurdyň Premýer ministri Binýamin Netanýahunyň wezipesinden çekilmegi üçin protestler geçirilýär. 



Degişli Habarlar