Meksikada 6 Aýda 489 Zenan Jenaýatda Gurban Boldy

Meksika zenanlara garşy edilýän jenaýatlarda Latyn Amerikada birinji orunda durýar

1460275
Meksikada 6 Aýda 489 Zenan Jenaýatda Gurban Boldy

Meksikanyň Jemgyýetçilik howpsyzlyk ministrliginden berilen maglumata görä ýylyň başyndan bäri zenanlara guralan hüjümlerde jemi 489 zenan öldürildi.

Zenanlara edilýän basyşyň soňky aýlarda artmagy sebäpli jemgyýetçilik guramalary paýtagt Mehikodaky Milli köşküň öňünde aksiýa gurady.

Jemgyýetçilik guramalary we demonstrantlar ellerinde göterýän “Eger çözgüt ýok bolsa, durmaga dowam ederis”, “Adalat nähili pes” ýazylan şygarlar bilen zenanlara garşy edilýän jenaýatlara reaksiýa bildirdiler.

Meksika zenanlara garşy işlenýän jenaýatlar boýunça Latyn Amerikada birinji orunda durýar.



Degişli Habarlar