ABŞ-da ýaragly hüjüm guraldy

Illinoýs ştatyna degişli bolan Çikago şäheri, ýurtda iň köp hüjümleriň guralýan şäherleriň biridir

1459848
ABŞ-da ýaragly hüjüm guraldy

ABŞ-nyň Çikago şäherinde bolan ýaragly hüjümde ilkinji kesgitlemelere görä 9-synyň saglyk ýagdaýy agyr 14 adam ýaralandy. 

Rhodes atly jynaza öýüniň golaýynda agşam bolan ýaragly hüjümde ýaralanan adamlaryň jynaza öýündäki çäre gatnaşanlardan ybaratdygy we şolaryň 9-synyň saglyk ýagdaýynyň agyrdygy aýan edildi. 

Hüjüm bilen baglanşykly 1 adam göz tussaglygyna alyndy. 

Çikagoda iýun aýynda hepdeleriň biriniň soňunda bolan ýaragly hüjümlerde azyndan 14 adam ýogalypdy, 90 adam ýaralanypdy. 

Illinoýs ştatyna degişli bolan Çikago şäheri, ýurtda iň köp hüjümleriň guralýan şäherleriň biridir. 



Degişli Habarlar