ABŞ-da Demokratiýa we Milli jebislik gününe bagyşlanyp çäre geçirildi

"Terrorçy FETÖ-ni duruzyň" diýip ýazylan şygary göterýän uçarlar bolsa şol ady agzalan ýerlerde günüň dowamynda uçdylar

1455307
ABŞ-da Demokratiýa we Milli jebislik gününe bagyşlanyp çäre geçirildi

ABŞ-da Fetullahçy terror guramasy tarapyndan amala aşyrylmak islenen 15-nji iýul harby agdarlyşyk synanyşygynyň 4-nji ýylynda, sanly bildiriş ulaglary we ýazgyly şygarlary görkezýän uçarlar, ýurdyň biri-birinden tapawutly ştatlarynda FETÖ bilen bagly hakykatlary görkezmek üçin aýlandy. 

Türk-Amerikan ugrukdyrma komitediniň öňbaşçylyk etmeginde geçirilen çärelerde, sanly bildiriş ulaglary we ýazgyly şygarlary görkezýän uçarlar bilen 15-nji iýulda başdan geçirilen hadysalara ünsleri çekdi. 

"15-nji iýul Türk demokratiýasynyň ýeňişi" we "Türk milletiniň ýeňişi" ýaly sanly görnüşde ýazylan bildirişleri görkezýän ulaglar, Nýu-Ýorkyň Manhettan, Bruklin we Kuins sebitleriniň adamlaryň üýşmeleň köçeleri bilen Waşington we FETÖ-niň ştabynyň ýerleşýän ýeri bolan Pensilwaniýadaky öýüniň töwereginde günüň dowamynda aýlandylar. 

"Terrorçy FETÖ-ni duruzyň" diýip ýazylan şygary göterýän uçarlar bolsa şol ady agzalan ýerlerde günüň dowamynda uçdylar. 


Etiketkalar: #uçar , #ulag , #ABŞ , #FETÖ

Degişli Habarlar