ABŞ-da ýaragly hüjüm guraldy

Wakada 2 polisiýa işgäri ýogaldy

1453587
ABŞ-da ýaragly hüjüm guraldy

ABŞ-nyň Tehas ştatynyň Mak Allen şäherinde ýaragly hüjüme sezewar galan Polisiýa gullugynyň 2 işgäri ýogaldy.  

Mak Allen şäheriniň Içeri işler edarasynyň müdüri Wiktor Rodriguez, 2 polisiýa işgäriniň gözegçilik işlerini geçirmäge baran öýlerinde ýaragly hüjüme sezewar galandyklaryny habar berdi.

Wiktor Rodriguez, 2 polisiýa işgäriniň wakanyň bolan ýerinde ýogalandygyny mälim etdi.  

Hüjümçi Aldon Karamillonyň polisiýa işgärlerini öldüreninden soň, öz janyna kast edip öldürendigini aýdan Wiktor Rodriguez, Aldon Karamillonyň Polisiýa gullugynda ozal hem hasapda durandygyny, ýaragly hüjüm guramak we neşe maddasyny saklamak ýaly aýyplamalardan gözlenendigini habar berdi.



Degişli Habarlar