Siriýanyň Afrin sebitinde ÝPG/PKK-a agza 7 terrorçy tussag edildi

Köp sanda ulag ýakan we 11 aýry bombaly hüjüm guran ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK-a agza 7 terrorçy Siriýanyň Afrin sebitinde 2 aýry öýe garşy geçirilen operasiýada tussag edildi

1437239
Siriýanyň Afrin sebitinde ÝPG/PKK-a agza 7 terrorçy tussag edildi

Hataý welaýatynyň gubernatorlygyndan berilen ýazmaça beýanatda, Afriniň Içeri işler edarasy tarapyndan Zeýtun şahajygy operasiýasy sebitinde geçirilen razwedka işleriniň netijesinde 2 aýry öýe garşy operasiýanyň geçirilendigi mälim edildi. 

Operasiýanyň netijesinde terror guramasy ÝPG/PKK-a agza 7 terrorçynyň tussag edilendigi aýdylýan beýanatda: "3 ulagy ýakan we 11 aýry bombaly hüjümi guran 7 terrorçy, Afrindäki 2 aýry öýe garşy geçirilen operasiýada tussag edildi. Mundan başgada öýlerde geçirilen barlag işlerinde, terrorçylykly aksiýalarda ulanmak maksady bilen bomba ýasalanda ulanylýan 25 kg TNT bilen birlikde köp mukdarda enjam ele salyndy" diýip habar berildi. 


Etiketkalar: #PKK , #ÝPG , #Afrin

Degişli Habarlar