Hytaý bilen Hindistanyň arasynda çaknyşyk boldy

Ýaragly çaknyşykda 3 hindi esger ýogaldy

1437103
Hytaý bilen Hindistanyň arasynda çaknyşyk boldy

Hindistanyň demirgazyk-gündogaryndaky Ladakh sebitinde, Hindistanly we Hytaýly esgerleriň arasynda bolan ýaragly çaknyşykda 3 hindi esger ýogaldy. 

NDTV kanaly tarapyndan berilen habarda, Ladakh sebitindäki Galwan jülgesinde dartgynlygyň azaldylmaga synanyşylýan bir wagtynda, Hindistanyň we Hytaýyň harby güýçleriniň arasynda düýn gije güýçli çaknyşygyň bolandygy we adam ýitgileriniň başdan geçirilendigi aýan edildi. 

Hindistanyň goşunyndan berilen beýanatda, çaknyşykda Hindistan tarapyndan 1 ofiser bilen 2 esgeriň ýogalandygy mälim edildi. 

Beýanatda: "Taraplaryň ýokary derejeli harby ýolbaşçylary dartgynlygy azaltmak üçin gepleşikler geçirýär" diýip habar berildi. 

Ladakh sebiti Hindistanyň Hytaý serhedinde ýerleşýär. 

Hytaý bilen Hindistanyň arasyndaky 3 müň 500 kilometrlik serhet liniýasynyň uly bölegi, iki ýurdyň arasynda özygtyýarlylyk jedelleşiklerine sebäp bolýar. 


Etiketkalar: #çaknyşyk , #Hytaý , #Hindistan

Degişli Habarlar