D-8 23 ýaşynda

Ösüp barýan 8 ýurtdan ybarat D-8 Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasy 23 ýaşynda

1436676
D-8 23 ýaşynda

 

Türkiýäniň ozalky Premýer ministrlerinden Nejmettin Erbakanyň öňbaşçylyk etmeginde “agza ýurtlaryň galkynyşyny we durnuklylygyny artdyrmak” maksady bilen 1997-nji ýylda döredilen Ösüp barýan 8 ýurtdan ybarat D-8 Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasy 23 ýaşynda

Türkiýe, Nigeriýa, Müsür, Pakistan, Indoneziýa, Eýran, Malaýziýa we Bangladeş ýaly ösüp barýan 8 ýurtdan ybarat gurama, ösüp barýan musulman ýurtlary bir ýere jemlemek üçin 23 ýyl ozal yglan edilipdi.

Stambul şäherinde 1997-nji ýylyň 5-nji iýunynda  geçirlen agza ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň maslahatynda Stambul jarnamasy bilen döredilen D-8, agza ýurtlaryň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny we hyzmatdaşlyk mükinçiligini artdyrmak üçin tagalla edýän halkara gurama.

 1milliard ilaty bolan musulman 8 ýurduň gatnaşmagynda Türkiýäniň öňbaşçylyk etmeginde döredilen guramanyň döwürleýin ýolbaşçylygyny 2017-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri Türkiýe ýerine ýetirýär.

Bangladeş, şu ýyl geçirilmegi meýilleşdirilýän 10-njy liderler maslahatynda D-8-iň döwürleýin ýolbaşçylygyny öz üstüne alar.

Beýleki tarapdan Prezident R. T. Erdogan, guramanyň döredilen gününiň 23 ýyllygy mynasibetli gutlag ýüzlenmesini çap etdi.

Prezident Erdogan ýüzlenmesinde “D-8, söweşiň ýerini parahatçylygyň, çaknyşygyň ýerini gepleşigiň, iki ýüzli çemeleşmäniň ýerini adalatyň we galkynyşyň, üstünligiň ýerini deň hukuklygyň, basyşyň ýerine adam hukuklarynyň, demokratiýanyň almagyny özüne ýörelge edindi” diýdi.



Degişli Habarlar