Yrakda DAIŞ-e garşy guralan operasiýalarda 40 terrorçy tussag edildi

Diýalada terror guramasy DAIŞ-e garşy guralan operasiýalarda 40 terrorçy tussag edildi

1431231
Yrakda DAIŞ-e garşy guralan operasiýalarda 40 terrorçy tussag edildi

Yragyň Diýala şäherinde terror guramasy DAIŞ-e garşy guralan operasiýalarda 40 terrorçy tussag edildi.

Içeri işler müdürliginiň metbugat geňeşçisi Nihat Nahdawi, şäherde we 8 etrapçada terror guramasyna garşy operasiýanyň guralandygyny aýtdy.

 Mahdawi operasiýalarda DAIŞ-e agza 40 terrorçynyň tussag edilendigini belledi.

Terror guramasy DAIŞ, 2014-nji ýylyň iýun aýynda Mosul, Salahaddin we Anbar welaýatlary bilen birlikde Diýala we Kerkuk welaýatlarynyň bir bölegini ele geçiripdi. Ady agzalýan welaýatlar birnäçe ýyl soň yzyna alyndy.

Yragyň ozalk Premýer ministri Haýdar Al Abadi 2017-nji ýylyň 9-njy dekabrynda terror guramasyna garşy söweşde ýeňiş gazanandyklaryny mälim etdi.

Terror guramasy DAIŞ welaýatlaryň 3 ýyl ozal yzyna alynandygyna garamazdan wagtal-wagtal şol sebitlerde hüjümlerini dowam etdirýär.



Degişli Habarlar