Kovid-19 wirusynyň ýokan adamlaryň sany 3 milliona ýetip gelýär

Dünýäde koronawirusa ýolugyp saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 823 müň adamdan geçdi

1405225
Kovid-19 wirusynyň ýokan adamlaryň sany 3 milliona ýetip gelýär

Dünýä derejesinde koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 200 müň 400 adamdan geçen bolsa, Kovid-19-a ýoluganlaryň sany 2 million 900 müňden, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 823 müň adamdan geçdi. 

Koronawirus epidemiýasy sebäpli häzirki wagta çenli Alžirde 419 adam, Müsürde 307 adam, Marokkoda 159 adam, Saud Arabystanynda 136 adam, BAE-de 71 adam ýogaldy. 

Beýleki tarapdan wirusa ýolugan adamlaryň sany Alžirde 3 müň 256-a, Müsürde 9 müň 813-e, Marokkoda 3 müň 897-ä, Saud Arabystanynda 16 müň 299-a we BAE-de 9 müň 813-e ýetdi. 

8 adamyň koronawirus sebäpli ýogalan Bahreýnde 2 müň 576 adam wirusa ýolukdy. Iordaniýada bolsa Kovid-19 sebäpli 7 adam ýogaldy, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 444 adama ýetdi. 


Etiketkalar: #koronawirus , #dünýä

Degişli Habarlar