Tramp bilen Makron koronawirus hakynda pikir alyşdy

Donald Tramp bilen Emmanuel Makron telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

1398567
Tramp bilen Makron koronawirus hakynda pikir alyşdy

 

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Ak Tamdan berlen beýanata görä, Tramp bilen Makron telefon söhbetdeşliginde koronawirus epidemiýasyna garşy göreş we epidemiýanyň dünýäniň ykdysadyýetine ýetirýän täsirleri hakynda pikir alyşdy.

Beýanatda, telefon söhbetdeşliginde iki lideriň penşenbe güni telekonferensiýa arkaly geçirilmegi meýilleşdirilýän G-7-a agza ýurtlaryň liderler maslahaty hakynda hem pikir alyşandygy nygtaldy.

Tramp bilen Makronyň özara we sebitara gatnaşyklar hakynda hem pikir alyşandygy bellenildi.

 



Degişli Habarlar