Dünýäde 1 million 16 müň 793 adama koronawirus ýokaşdy

Dünýäde koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 53 müň 245, wirus ýokaşanlaryň sany bolsa 1 million 16 müň 793 adamdan geçdi

1390616
Dünýäde 1 million 16 müň 793 adama koronawirus ýokaşdy

Ispaniýada 10,348 adam wirus sebäpli aradan çykan bolsa, 112,065 adam hasaba alyndy. İtaliýada koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 760 adam artyp 13 müň 915 adama ýetdi.

ÝB Komissiýasynyň başlygy Ursula Fon Der Leen, Ýewropanyň şu günki günde İtaliýa goldaw berýändigini emma munyň hemişe beýle bolmandygy sebäpli İtaliýadan ötünç sorady.

Italiýaa çap edilýän “La Republika” gazetine makala ýazyp, Italiýanyň ÝB-ne agza ýurtlaryň arasynda koronawirus sebäpli uly ýitgi çeken ýurtdygyny nygtan Fon Der Leen “Bilelikde hereket edilmelidigine krizisiň başynda göz ýetirilmelidi, emma her kim öz kynçylyklary bilen gümrady” diýdi.

Fransiýada koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 471 adam artyp 4503 adama ýetdi.

Germaniýada koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 107, wirus ýokaşanlaryň sany soňky 24 sagatda 5 müň 478 adam artyp 84 müň 794 adama ýetdi.

ABŞ-da koronawirus sebäpli 6,095 adam ýogaldy, hasaba alynanalryň sany 245 müň 373 adama ýetdi. Nýu-Ýorkda ýagdaýyň gün saýyn agyrlaşýandygy sebäpli ýurduň çar tarapyndan 21 müňe golaý saglygy goraýyş işgäri meýletin ýagdaýda Nýu-Ýorka gitmek üçin ýüz tutdy.

Kanada-da koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 131, hasaba alynanlaryň sany bolsa 10 müň 132 adama ýetdi. Kadananyň Saglygy goraýyş ministrligi  gyssagly 60 million N95 kysymly maska bilen beýleki lukmançylyk enjamlarynyň zerurdygyny mälim etdi.

Latyn Amerika ýurtlarynyň arasynda Braziliýa epidemiýa sebäpli 327 raýatyny ýitirdi, 8 müňden gowrak adama hem wirusyň ýokaşandygy anyklanyldy.

Awstraliýada koronawirus ilkinji gezek ýanwar aýynyň ahyrynda hasaba alnypdy, şol günden bäri ýurtda ýogalanlaryň sany 27, wirus ýokaşanlaryň sany bolsa 5 müň 314 adama ýetdi.



Degişli Habarlar