Russiýada Kowid-19 sebäpli hasaba alynanlaryň sany soňky 24 sagatda 30 adam artyp 93 adama ýetdi

Koronawirus dekabr aýyndan bäri  dünýäde 7 müňden gowrak adamyň ýogalmagyna sebäp boldy

1379328
Russiýada Kowid-19 sebäpli hasaba alynanlaryň sany soňky 24 sagatda 30 adam artyp 93 adama ýetdi

Ilkinji gezek Hytaýyň Uhan şäherinde hasaba alynan koronawirus, dekabr aýyndan bäri  dünýäde 7 müňden gowrak adamyň ýogalmagyna sebäp boldy.

Russiýada Kowid-19 sebäpli hasaba alynanlaryň sany soňky 24 sagatda 30 adam artyp 93 adama ýetdi. Ýurtda 1-nji maýa çenli ähli gümrük geçelgeleri daşary ýurtlylar üçin ýapylar.

Ysraýylyň Saglygy goraýyş ministrligi koronawirus kesellileriň sanynyň 298 adama ýetendigini habar berdi.

Ysraýylda koronawirus sebäpli hasaba alynanlaryň arasynda 19 saglygy goraýyş işgäri bilen 5 esger hem bar.

Soňky 30 ýylyň iň uly ykdysady çökgünligini başdan geçirýän Liwanda bolsa Kowid-19 sebäpli hasaba alynanlaryň sany 120 adama ýetdi.

Azerbaýjanda koronawir ýokaşanlaryň sany 16 adama ýetdi.

Özbegisanda ýene-de 5 adama koronawirusyň ýokaşmagy bilen Kowid-19 sebäpli hasaba alynanlaryň sany 6 adama ýetdi.

Gazagystanda Kowid-19 sebäpli 15-nji aprele çenli adatdan daşary ýagdaý yglan edildi.

Ermenistanda koronawirus kesellileriň sany 30 adama ýetdi. Ermeni hökümeti ýurtda 16-njy aprele çenli adatdan daşary ýagdaý yglan etdi.

 



Degişli Habarlar