Pakistana Talibana garşy geçirlen operasiýada 1 polkownik ýogaldy

2014-nji ýyldan bäri 5 müňden gowrak başbozar täsirsiz ýagdaýa getirildi

1374799
Pakistana Talibana garşy geçirlen operasiýada 1 polkownik ýogaldy

Pakistanyň demirgazyk günbatarynda Talibana garşy geçirlen operasiýada 1 polkownik ýogaldy, 2 başbozar öldürildi.

Pakistanyň goşunyndan berlen beýanatda, ýurduň demirgazyk günbatarynda ýerleşýän Tank etrabynda terrora garşy operasiýanyň geçirlendigi nygtaldy.

Beýanatda, terrorçylaryň, etraby gabaw astyna alan esgerlere ot açandygy nygtaldy.

Operasiýada 1 polkownigiň ýogalandygy, 2 başbozaryň öldürlendigi bellenildi.

Beýanatda operasiýanyň çäginde terrorçylara degişli köp sanly ýarag bilen ok-däriniň ele geçirlendigi ýatladyldy.

Pakistanda Talibana garşy geçirlen operasiýalarda 2014-nji ýyldan bäri 5 müňden gowrak başbozaryň täsirsiz ýagdaýa getirlendigi nygtaldy.

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 


Etiketkalar: #operasiýa , #Taliban , #Pakistan

Degişli Habarlar