Ysraýylda soňky 1 ýylda üçünji gezek saýlaw geçirilýär

Ýerli wagt bilen 07.00-da başlan saýlaw sagat 22.00-a çenli dowam eder

1369809
Ysraýylda soňky 1 ýylda üçünji gezek saýlaw geçirilýär

 

Ysraýylly saýlawçylar soňky 1 ýylda üçünji gezek geçirilýän saýlawlarda ses bermäge başlady.

1948-nji ýyldan bäri şäriklik hökümeti bilen dolandyrylýan Ysraýylda biri 9-njy aprelde beýlekisi bolsa 17-nji sentýabrda bolmak bilen 2 gezek saýlaw geçirildi.

Sagçy we çepçi partiýalaryň hökümet gurmak üçin ýeterlik sana eýe bolup bilmändigi sebäpli şäriklik hökümeti krizisi çözülip bilinmedi.

6 million 394 müňden gowrak saýlawçy 1 ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän hökümet krizisiniň çözülmegi we 120 kürsüli mejlisiň täze agzalarynyň saýlanmagy üçin ses berýär.

Ýerli wagt bilen 07.00-da başlan saýlaw sagat 22.00-a çenli dowam eder.

Saýlawa gatnaşýan 30 partiýadan diňe 8-niň mejlisde wekilçilik etmäge hukuk gazanjakdygy öňe sürülýär.

 

 

 


Etiketkalar: #mejlis , #Ysraýyl , #saýlaw

Degişli Habarlar