Germaniýanyň Hanau şäherinde ýaragly hüjüm guraldy

Germaniýanyň Hanau şäherinde guralan hüjümde 9 adam ýogaldy

1363102
Germaniýanyň Hanau şäherinde ýaragly hüjüm guraldy

Ýogalan adamlaryň arasynda türkleriň hem bardygy öňe sürüldi.

Hessen welaýatynyň Hanau şäherinde 2 aýry ýere guralan ýaragly hüjümde 9 adamyň ýogalandygy we köp sanda adamyň ýaralanandygy aýan edildi.

Germaniýanyň Federal Prokuraturasy ýerli wagt bilen sagat 22:00-da guralan hüjümler bilen baglanşykly alamatlaryň aşa sagjylaryň motiwasiýasynyň bardygyny görkezýändigini beýan etdi.

Beýleki tarapdan 2 adamdygy aýan edilen hüjümçileriň, öýlerine garşy guralan operasiýada öli ýagdaýda tapylandygy mälim edildi.

Şeýlelik bilen wakada ýogalan adamlaryň sany jemi 11 hökmünde bellige alyndy.

Germaniýanyň Bild gazedi bolsa hüjümçiniň adynyň Tobias R. atly biridigini beýan edip, hüjümçiniň aşa sagjy garaýyşlara eýedigini habar berdi.

Bild gazedi aşa sagjy Tobias R-niň jesediniň tapylan ýerinde wakanyň jogapkärçiligini kabul edýän hat bilen wideo tapylandygyna ünsleri çekdi.



Degişli Habarlar