Hytaýda koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalan adamlaryň sany 1771-e ýetdi

Hytaýda täze görnüş koronawirus Kovid-19 epidemiýasy sebäpli ýogalan adamlaryň sany gün saýyn artýar

1360501
Hytaýda koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalan adamlaryň sany 1771-e ýetdi

Hytaýyň Milli Saglygy goraýyş komissiýasyndan berilen beýanata görä, täze görnüş koronawirus Kovid-19 epidemiýasynyň ýokan adamlarynyň sany 10 müň 644-siniň ýagdaýy agyr bolmak bilen jemi 70 müň 548-e ýeten bolsa, ýogalan adamlaryň sany 1-i Gonkongda bolmak bilen jemi 1771-e ýetdi.

Täze görnüş koronawirus Kovid-19 epidemiýasy sebäpli ýurtda soňky 24 sagadyň dowamynda 105 adam ýogalan bolsa, keseliň ýokan adamlaryň sany ýene-de 2 müň 48 adam köpeldi.

Hytaýyň Hubeý welaýatynyň Uhan şäherinde 2019-njy ýylyň 12-nji dekabrynda ýüze çykan täze görnüş koronawirus Kovid-19 epidemiýasynyň, gysga wagtda beýleki şäherlere we ýurtlara ýaýramagy sebäpli Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy adatdan daşary ýagdaý yglan etdi.



Degişli Habarlar