Siriýadaky hüjümler sebäpli soňky 1 hepde-de ýene-de 151 müň adam Türkiýe serhedine çenli geldi

2019-njy ýylyň noýabr aýyndan bäri 692 müň adam ýerini terk etdi

1352164
Siriýadaky hüjümler sebäpli soňky 1 hepde-de ýene-de 151 müň adam Türkiýe serhedine çenli geldi

Siriýada Asada tabynlykdaky güýçler we tarapdarlary tarapyndan guralýan hüjümler sebäpli soňky 1 hepde-de ýene-de 151müň adam Türkiýe serhedine çenli geldi.

Sebitdäki göç edilşik hakynda iş alyp barýan toparyň ýolbaşçysy Muhammed Hallažyň Anadoly Habarlar gullugyna beren beýanatyna görä, halk Idlibiň Eriha, Serakib we Jebel Zawiýe etraplaryny terk edýär.

Asada tabynlykdaky güýçler we Eýran tarapyndan goldanýan terrrorçy toparlary bilen Russiýanyň guraýan hüjümleri sebäpli ýene-de 151 müň adam öýüni terk etdi.

Ýerini terk edenlerin bir bölegi Türkiýe serhedindäki düşelgelere, bir bölegi bolsa Türkiýe tarapyndan guralan Ýefrat galkany we Zeýtun Şahajygy operasiýalary bilen terrordan saplanan ýerlere geldi.

2019-njy ýylyň noýabr aýyndan bäri Idlibiň günortasyndan we  günorta gündogary bilen Halabyň günbataryndan we günortasyndan jemi 692 müň adam ýerini terk etdi.


Etiketkalar: #serhet , #terk etmek , #Siriýa

Degişli Habarlar