Tel-Abýatda dört terrorçy tussag edildi

Siriýanyň Tel Abýad şäherinde terrorçylykly aksiýa guramak islän terror guramasy PKK/ÝPG-e agza 4 terrorçy tussag edildi

1345394
Tel-Abýatda dört terrorçy tussag edildi

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrligi tarapyndan berilen beýanata görä, Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasy sebitinde ýerleşýän Tel-Abýad etrabynda terror guramasy ÝPG/PKK-a agza terrorçylaryň gizlenen öýlerine komandos topary tarapyndan operasiýa guraldy.

Terrorçylykly aksiýa guramak üçin taýarlyk görendikleri anyklanan terror guramasy PKK/ÝPG-e agza 4 terrorçynyň tussag edilen operasiýada, 3 sany AK-47 tüpeňi we olara degişli 15 magazin, žilet, 13 sany kompýuter, 3 million 900 müň Siriýa puly we köp sanda ok-däri ele salyndy.

Beýanatda ele salynan ok-därinň bir böleginiň sowuty deşýän aýratynlyga eýedigi we 3 sany AK-47 tüpeňiniň od açmak üçin taýarlykly ýagdaýa getirilip goýulandygy aýan edildi.



Degişli Habarlar