Owganystanda 2 polisiýa işgäri ýaragly hüjümde öldürildi

Owganystanyň Uruzgan welaýatynda Polisiýa gullugynyň 2 işgäri ýaragly hüjümde öldürildi

1344053
Owganystanda 2 polisiýa işgäri ýaragly hüjümde öldürildi

Uruzganyň gubernatorlygynyň metbugat sekretary Zilgeý Ibadi, beren beýanatynda, Uruzgan welaýatynyň Mirweýis Nike diýilen ýerindäki gözegçilik nokadynda 2 polisiýa işgäriniň şahsyýeti näbelli adamlaryň guran hüjümine sezewar galandygyny habar berdi.

Polisiýa işgärleriniň ikisiniňem hem hüjümde ýogalandygyny aýdan Ibadi, hüjümçileriň sebitden gaçandygyny aýan etdi.

Hüjümiň jogapkärçiligini entek öz üstüne alan ýok.


Etiketkalar: #welaýat , #Uruzgan , #Owganystan

Degişli Habarlar