Asada tabynlykdaky güýçleriň we Russiýanyň, Idlibe guran hüjümlerinde 3 adam ýogaldy

Ylalaşyga garamazdan şäher merkezinde ilatly ýerlere howa hüjümleri guraldy

1341442
Asada tabynlykdaky güýçleriň we Russiýanyň, Idlibe guran hüjümlerinde 3 adam ýogaldy

Siriýada Asada tabynlykdaky güýçleriň we Russiýanyň, Idlibe guran hüjümlerinde ilkinji kesgitlemelere görä, asuda ilatdan 3 adam ýogaldy.

Asada tabynlykdaky güýçleriň we Russiýanyň, Idlibde hüjümleriň bes edilmegi meselesinde gazanylan ylalaşyga garamazdan şäher merkezinde ilatly ýerlere guralan howa hüjümlerinde asuda ilatdan köp sanly adam hem ýaralandy.

Oppozisionerleriň berýän maglumatyna görä, Russiýa degişli harby uçarlar, Idlibiň Maarratünnuman etrabyna, Keferruma etrapçasyna, Deýr Şarki we Tel Mennis obalaryna, Asada tabynlykdaky güýçler hem Eriha etrabynda bazar ýerine hüjüm gurady.

 

 

 


 



Degişli Habarlar