Eýranda sil sebäpli 1 adam ýogaldy, 8 adam ýaralandy

Eýranyň Sistan-Belujistan welaýatynda gelen sil apatynda 1 adam pida boldy, 8 adam ýaralandy

1339545
Eýranda sil sebäpli 1 adam ýogaldy, 8 adam ýaralandy

“Eýranly Talyplar” habarlar gullugyna beýannama beren Saglygy goraýyş ministrliginiň Tebigy apatlar edarasynyň resmisi Muhammed Mutlak: “Sistan-Belujistan welaýatynda İranşehr, Jabahar, Haş, Dekgan, Serawan, Serbaz, Kenarek, Mirjawe we Niýkşehr şäherinde ýagan ýagyş siliň gelmegine sebäp boldy. Adybir şäherlerde häzirki wagta öenli jemi 8 adam ýaralandy, Serbaz şäherinde bolsa 1 adam pida boldy” diýdi.

Beýleki tarapdan Eýranyň resmi habarlar gullugy “İRNA” beýannama beren Sistan-Belujistan welaýatynyň häkimi Ahmed Ali Muhubeti soňky 48 sagatdan bäri ýagýan ýagyş sebäpli siliň gelendigini aýtdy.

“Muhubeti: “Pişin we Zirdan bentleriniň daşmagy sebäpli 400-e golaý oba suw astynda galdy” diýdi.

Sebite gözleg-halas ediş işleriniň ugradalandygyny aýdan Muhubeti siliň aşagynda galan obalara azyk önümleriniň we agyz suwunyň ýetirilmegi üçin iş alnyp barylýandygy nygtaldy.



Degişli Habarlar