THÝ-nyň Yraga we Eýrana guraýan uçar saparlary düýn agşam ýaňadandan başlady

THÝ, Eýran bilen ABŞ-nyň arasyndaky dartgynlyk sebäpli düýn Yraga we Eýrana guralýan uçar saparlaryny saklapdy

1338164
THÝ-nyň Yraga we Eýrana guraýan uçar saparlary düýn agşam ýaňadandan başlady

Türk Howa Ýollarynyň wagtlaýyn saklanan Yraga we Eýrana guraýan taryfly uçar saparlary düýn agşam ýaňadandan başlady.

THÝ, Eýran bilen ABŞ-nyň arasyndaky dartgynlyk sebäpli düýn agşam ýerli wagt bilen 21.00-a çenli Yraga we Eýrana guralýan uçar saparlaryny saklapdy.

THÝ wagtlaýyn saklanan uçar saparlarynyň ýaňadandan başlamagy barada karar aldy.

THÝ-nyň Eýrana ilkinji sapary agşam ýerli wagt bilen 21.05-de Sabiha Gökçen howa menzilinden paýtagt Tährana guraldy.

THÝ-nyň uçarlarynyň Yrak bilen Eýranyň howa giňişligini ulanmaga başlandygy habar berildi.

 



Degişli Habarlar