Ysraýyl bejergi almak isleýän syrkawlaryň Gazadan çykmaklaryna rugsat bermeýär

Palestinanyň Saglygy goraýyş ministri Meý Keýle mesele bilen bagly beýanat berdi

1334880
Ysraýyl bejergi almak isleýän syrkawlaryň Gazadan çykmaklaryna rugsat bermeýär

Palestinanyň Saglygy goraýyş ministri Meý Keýle, Ysraýylyň bejergi almak maksady bilen şäherden çykmak isleýän Gaza şäheriniň halkyna rugsat bermeýändigini, munyň bolsa syrkawlary öldürmek karary manysyny berýändigini beýan etdi.

Ministr Keýle beren beýanatynda, Ysraýylyň çäklendirmeleriniň diňe syrkawlar bilen çäkli däldigini, olaryň ýanyndaklylaryny hem öz içine alýandygyny, aralarynda rak keselliler hem bolan, biri-birinden tapawutly keseller bilen kesellän çagalaryň ene-atalary bolmadan Günbatar Şeria iberilmäge mejbur edilendigini habar berdi.

Ysraýylyň Gaza şäheriniň halkyny bejergi maksat bilen şäheriň daşyna çykmagyna rugsat bermezliginiň syrkawlaryň hukuklaryna garşy edilýän bir jenaýatdygyny, munyň bolsa syrkawlary öldürmek manysyna gelýändigini aýdan ministr Keýle, halkara jemgyýete we adam hukuklary guramalaryna mesele bilen bagly çuňňur gyzyklanmaklary barada çagyryş berdi.



Degişli Habarlar