ABŞ-nyň we beýleki ýurtlaryň esgerleriniň Yrakdan çykarylmagy barada karar kabul edildi

Premýer ministr Abdulmehd, Fransiýanyň Daşary işler ministri Le Drian bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

1335193
ABŞ-nyň we beýleki ýurtlaryň esgerleriniň Yrakdan çykarylmagy barada karar kabul edildi

 

Yrakda wezipesinden çekilen Premýer ministri Adil Abdulmehdi, hökümetiň daşary ýurtly güýçleriň ýurtdan çykarylmagy üçin karar taslamasyny taýarlaýandygyny aýtdy.

Yragyň hökümetinden berlen ýazmaça beýanatda, wezipesinden çekilen Premýer ministr Abdulmehd, Fransiýanyň Daşary işler ministri Le Drian bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Abdulmehdi, telefon söhbetdeşliginde yrakly ýolbaşçylaryň parlamentiň daşary ýurtly esgerleriň ýurtdan çykarylmagy barada kabul eden kararynyň durmuşa geçirilmegi üçin taslama taýarlaýandygyny aýtdy.

Fransiýanyň Daşary işler ministri, halkara hyzmatdaş güýçleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň geljegi we Yragyň özygtyýarlynyň çäginde DAIŞ-e garşy göreş meselesine hem garalan telefon söhbetdeşliginde, meseläniň giňişleýin seljerilmelidigini nygtady.

ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky DAIŞ-e garşy hyzmatdaşlyk, Yrakdaky dartgynlyk sebäpli ýurtdaky tälimleriň wagtlaýyn saklanandygyny mälim edipdi.

Yragyň parlamentinde düýn adatdan daşary ýagdaýda geçirlen oturlyşykda sesleriň köplügi bilen ABŞ-nyň we beýleki ýurtlaryň esgerleriniň ýurtdan çykarylmagy barada karar kabul edilipdi.

 



Degişli Habarlar