ABŞ-nyň Bagdatdaky ilçihanasynyň golaýyna raketaly hüjüm guraldy

ABŞ-nyň Yragyň paýtagty Bagdatdaky ilçihanasynyň golaýyna we Salahaddin welaýatynda amerikan esgerleriniň galýan Beled bazasyna raketalay hüjümler guraldy

1334791
ABŞ-nyň Bagdatdaky ilçihanasynyň golaýyna raketaly hüjüm guraldy

Yragyň Howpsyzlyk güýçlerinden alynan maglumata görä, Bagdadyň Ýaşyl zolagynda ýerleşýän ABŞ-nyň Bagdatdaky ilçihanasynyň golaýyna 2 aýry raketa bilen hüjüm guraldy. Hüjümiň kim tarapyndan guralandygy barada bolsa maglumat berilmedi. Hüjümden soň ABŞ-nyň ilçihanasynda duýduryş sirenalarynyň ýaňlanandygy mälim edildi.

Ýaşyl zolagyň ulaglara açyk bolan gapysy hüjümden soň Howpsyzlyk güýçleri tarapyndan ýapyldy.

Beýleki tarapdan Salahaddin welaýatynda ABŞ-ly esgerleriň galýan we ýurdyň iň uly bazasy bolan Beled bazasyna hem raketaly hüjüm guraldy.

Ak Tamyň Kongrese kanunyň çäginde gerek bolan Kasym Süleýmaniniň öldürilmegi bilen baglanşykly mälim ediş resminamasyny ugradandygy aýan edildi.


Etiketkalar: #ilçihana , #hüjüm , #baza , #ABŞ

Degişli Habarlar