BMG Somalide guralan bombaly hüjümi ýazgardy

Mogadişuda guralan hüjümde 2-i türk 80 adam ýogalypdy

1331605
BMG Somalide guralan bombaly hüjümi ýazgardy

 

BMG-nyň Howpsyzlyk Geňeşi, Somaliniň paýtagty Mogadişuda terrorçylar tarapyndan guralan bombaly hüjümi ýazgardy.

BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşi tarapyndan berlen ýazmaça beýanatda “Howpsyzlyk geňeşiniň agzalary, Mogadişuda guralan terrorçylykly hüjümi berk ýazgarýar, hüjümde ýogalanlaryň hossarlaryna gynanç bildirýär we ýaralananlara gyssagly şypa dileýär” diýildi.

Beýanatda terroryň halkara parahatçylyga we howpsyzlyga howp salmaga dowam edýändigi bellenildi, ady agzalýan hüjümi guranlara degişli jezanyň berilmegi barada çagyryş berildi.

Beýanatda şeýle hem BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň Somaliniň hökümetine we halkyna goldaw berýändigi ýatladyldy.

Somaliniň paýtagty Mogadişuda gümrük merkeziniň golaýynda bomba ýüklenen ulagyň uniwersitetde okaýan talyplary alyp barýan awtobus geçip barýarka ýarylmagy sebäpli 2-i türk 80 adam ýogalypdy.

 

 

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar