Boko Harama garşy guralan operasiýada 30 terrorçy öldürildi

Köp sanly terrorçy bolsa ýaragly ýagdaýda gaçdy

1328101
Boko Harama garşy guralan operasiýada 30 terrorçy öldürildi

Nigeriýanyň demirgazyk gündogarynda terror guramasy Boko Harama garşy guralan operasiýada 30 terrorçy öldürildi.

Ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň berýän habaryna görä, terror guramasy Boko Haram, Ýobe welaýatynyň Damaturu etabyna hüjüm gurady.

Hüjümlerden soň Nigeriýanyň howa güýçleriniň goldaw bermeginde terror guramasyna garşy guralan howa hüjüminde Boko Harama agza 30 terrorçy öldürildi.

Köp sanly terrorçynyň bolsa ýaragly ýagdaýda gaçandygy nygtaldy

 

 

 

 



Degişli Habarlar