Pakistan-Owganystan serhedinde ýer titremesi boldy

Pakistanyň demirgazygyndaky we Owganystanyň gündogaryndaky Hindiguş Daglarynda 6,1 bal ululygynda ýer titremesi boldy

1327107
Pakistan-Owganystan serhedinde ýer titremesi boldy

ABŞ-nyň Geologiýa ylmy-derňew guramasy, güýç merkezi Owganystanyň Jarm şäheriniň 51 km günorta-günbatary bolan ýer titremäniň ýeriň 210 km aşagynda emele gelendigini habar berdi. 

Pakistanyň we Owganystanyň birnäçe aýry sebitinde duýulan ýer titremeden soň, iki ýurdyň şol ýerde ýaşaýan halky howsala bilen daşaryk çykdylar. 

Ýer titremede adam ýitgisiniň bolup-bolmandygy barada entek anyk beýanat berilmedi. 

 



Degişli Habarlar