BMG,  Yrakda dowam edýän protest ýörişlerinde 424 adamyň ýogalandygyny mälim etdi

Yragyň Premýer ministri Adil Abdulmehdi protest ýörişleri sebäpli 29-njy noýabrda wezipesinden çekilmeli bolupdy

1321968
BMG,  Yrakda dowam edýän protest ýörişlerinde 424 adamyň ýogalandygyny mälim etdi

BMG,  Yrakda 1-nji oktýabrdan bäri dowam edýän protest ýörişlerinde 424 adamyň ýogalandygyny, 9 müňe golaý adamyň ýaralanandygyny mälim etdi.

BMG-nyň Adam hukuklary boýunça ýokary komisarlygyndan berlen beýanata görä, BMG-nyň Yraga ýardam misiýasy noýabr aýynyň 5-i bilen dekabr aýynyň 8-i aralygyndaky görkezijiler hakynda habarnama çap etdi.

183 adam bilen geçirlen gepleşiklere esaslanylýan habarnama görä, ady agzalýan döwürde Yrakda 170 adam ýogaldy, 2264 adam ýaralandy.

1-njy oktýabrda başlan protest ýörişlerinde bolsa häzire çenli jemi 424 adam ýogaldy, 8 müň 758 adam ýaralandy.

Yrakda 1-nji oktýabrda başlan hökümete garşy ýörişler henizem dowam edýär.

Paýtagt Bagdadyň başda durmagynda ýurduň esasan günortada ýerleşýän welaýatlarynda geçirilýän ýörişlerde Eýranyň ýurtdaky täsirine hem garşylyk görkezilýär.

Yragyň Premýer ministri Adil Abdulmehdi hökümete garşy geçirilýän protest ýörişleri sebäpli 29-njy noýabrda wezipesinden çekilmeli bolupdy.

 

 

 



Degişli Habarlar