NATO-nyň London beýannamasy çap edildi

NATO-nyň 70 ýyllygyny belläp geçmek maksady bilen Britaniýanyň London şäherinde bir ýere jemlenen agza ýurtlaryň liderleri, umumy beýannama çap etdiler

1317707
NATO-nyň London beýannamasy çap edildi

NATO-nyň Liderler maslahatynyň beýannamasynda Türkiýäniň terror bilen baglanşykly aladalaryna ünsler çekildi, terroryň ähli görnüşleriniň we ýüze çykmalarynyň her kim üçin howp bolmaga dowam edýändigi habar berildi. 

Ýewropaly hyzmatdaşlaryň goranmak bilen bagly çykdajylaryny eýýäm 5 ýyl bäri dowamly häsýetde artdyrýandygy, goranyş pudagyna 130 milliard dollardan gowrak maýanyň goýulandygy aýdylýan beýanatda: "Hytaýyň artýan täsiriniň we halkara syýasatlarynyň ýüze çykaran mümkinçiliklerini we synaglaryny alýans hökmünde bilelikde ele almalydyrs" diýip mälim edildi. 

Beýannamada NATO-nyň goranyş maksatly bir alýansdygy, hiç bir ýurda garşy wehim salmaýandygy bellendi. 

Russiýanyň orta aralykly raketa ýerleşdirimeginiň netijesinde Orta aralykly ýadro güýçler ylalaşygynyň bes edilmeginden soň, proporsional we deň ölçegli çäreleriň taýarlanýandygy aýdylýan beýannamada: "Russiýanyň hereketleri aşa bolmadygy saýyn dialoga we konstruktiw bir gatnaşyga taýardyrys" diýip bellendi.  

NATO-nyň açyk gapylar syýasatynyň goldanylýandygy bellenen beýannamada, Demirgazyk Makedoniýanyň ýakyn wagtda alýansyň 30-njy agzasynyň boljakdygy ýatladyldy. 

Beýannamada NATO agza ýurtlaryň liderleriniň indi bolsa 2021-nji ýylda bir ýere jemlenjekdigi habar berildi. 

 


Etiketkalar: #Russiýa , #beýannama , #NATO

Degişli Habarlar