NATO-nyň Liderler maslahaty başlady

NATO-nyň döredilen gününiň 70 ýyllygy mynasybetli geçirilýän NATO agza ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň maslahaty Britaniýanyň paýtagty Londonda öz işine başlady

1317555
NATO-nyň Liderler maslahaty başlady
nato liderler zirvesi1.jpg
nato liderler zirvesi2.jpg

Türkiýä Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň wekilçilik edýän NATO maslahatynyň döwlet we hökümet baştutanlarynyň gatnaşmagynda geçirilýän bölümi başlady. Bu bölümde howpsyzlyk meýilnamalarynyň üstünde ylalaşyk gazanylmak meýilleşdirilýär.  

ÝPG/PÝD/PKK-ny howp hökmünde ykrar edilmegini öz düzüminde jemleýän NATO-nyň Türkiýe bilen baglanşykly meýilnamasynyň çap edilmegine ABŞ tarapyndan garşy çykylmagy sebäpli Türkiýäniň hem öz gezeginde, özi bilen baglanşykly meýilnamanyň tassyklanýança çenli beýleki ýurtlar bilen baglanşykly bolan meýilnamalary tassyklamazlygy göz öňünde tutýandygy bilinýär.

NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg, maslahatyň başynda eden çykyşynda, NATO-nyň taryhdaky iň şowly alýansdygyny belläp: “Dünýä üýtgedigi saýyn, biz hem üýtgedik” diýip nygtady.

Alýansyň goranyş çykdajylaryny artdyrandygyny, terrora garşy söweş alyp barýandygyny aýdan Stoltenberg, NATO-nyň takmynan 1 milliarda golaý adamy goramak üçin Demirgazyk Amerikanyň we Ýewropanyň gepleşikler geçirip, karar kabul eden ýeke-täk platformadygyny beýan etdi.

Stoltenberg: “Tapawutlylyklarymyza garamazdan biri-birimizi goramak üçin esasy wezipämiziň töwereginde jebisleşmäge dowam ederis” diýip aýan etdi.

Ýer eýesi Britaniýanyň Premýer ministri Boris Jonson hem 70-nji ýylynda 29 ýurdy we takmynan 1 milliard adamy goraýan NATO-nyň berk bir guramadygyny beýan etdi.



Degişli Habarlar