ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeo Brýussele barar

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Pompe NATO-nyň Daşary işler ministrleriniň derejesindäki maslahatyna gatnaşmak üçin Belgiýanyň paýtagty Brýussele barar

1308840
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeo Brýussele barar

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň metbugat sekretary Morgan Ortagus beren ýazmaça beýanatynda Pompeonyň noýabr aýynyň 20-21-i aralygynda Brýusselde boljakdygyny habar berdi.

Pompeonyň Brýusselde NATO-nyň hyzmatdaşlary we Baş sekretar Ýens Stoltenberg bilen duşuşjakdygy barada aýdylýan beýannamada: “Döwlet sekretary Pompeo ýanyndaky wekiliýet bilen bilelikde hyzmatdaş ýurtlar bilen sebitleýin howpsyzlyk meseleleri, terrorizme garşy göreş we energiýa hyzmatdaşlygy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşar” diýilýär.


Etiketkalar: #NATO , #Brýussel , #Maýk Pompeo

Degişli Habarlar