“Yslam we musulmalar Awstriýada ebedi daşary ýurtly hökmünde görülmeli däl”

Awstriýa Yslam jemagatynyň döredilen gününiň 40 ýyllygy paýtagt Wenada dabaraly ýagdaýda bellenilip geçildi

1308231
“Yslam we musulmalar Awstriýada ebedi daşary ýurtly hökmünde görülmeli däl”

 

Awstriýanyň Prezidenti Aleksander Wan Der Bellen, yslamyň we musulmanlaryň Awstriýada ebedi daşary ýurtly hökmünde görülmeli däldigini aýtdy.

Awstriýa Yslam jemagatynyň döredilen gününiň 40 ýyllygy paýtagt Wenada dabaraly ýagdaýda bellenilip geçildi.

Dabara Prezident Wan Der Bellen we Türkiýäniň Wenadaky Baş konsulygy Asip Kaýa bilen birlikde köp sanly myhman gatnaşdy.

Gurhanyň okalmagy bilen başlan dabarada çykyş eden Prezident Bellen, yslamyň we musulmanlaryň indi daşary ýurtly hökmünde görülmeli däldigini belledi.

Şu günki günde sanlary 700 müňden geçýän musulmanlar, 1979-njy ýylda döredilen Awstriýa Yslam jemagaty tarapyndan wekilçilik edilýär


Etiketkalar: #musulman , #yslam , #Awstriýa

Degişli Habarlar